BIZIŇ KITAPHANAMYZA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAPLAR


BIZIŇ KITAPHANAMYZA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAPLAR



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda “Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artisleri” atly ajaýyp kitap gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artisleri. I-II kitap /red.G. Gapurow. – Aşgabat: TDNG, 2022. – 355 s.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ruhy, döredijilik we medeni kuwwatyny işjeň wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimize, ähli raýatlarymyza milli medeniýetimiziň öwüşginleri, häzirkizaman teatr, kino we sirk artisleri barada maglumat berýän ilkinji ensiklopedik neşir çap edildi. Bu neşir 2 tomdan ybaratdyr.

Ensiklopedik neşirde türkmen teatr sungatynyň taryhy, häzirki döwürdäki işi, teatr artisleri, şeýle hem teatr režissýorlary, dramaturglar, kompozitorlar, dirižýorlar, türkmen kino sungaty, kino artistleri, kinorežissýorlary, kinooperatorlary, kino suratkeşleri, sungaty öwrenijiler, türkmen sirk sungaty, sirk artistleri barada birnäçe maglumatlar ýerleşdirilipdir. Bu kitap ýokary we ýörite orta mekdepleriniň hünärmenlerine, talyplaryna, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!