Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy


Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 38-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik eseriniň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy ähli ildeşlerimizi begendirdi. Türkmen tebigatynda köp sanly dermanlyk ösümlikleri ösýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň 14-nji jildinde dermanlyk ösümlikleriň 118-si ýerleşdirlenligi barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýär. Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenilmegi ynsan saglygyny berkitmäge ýardam berýär.

Alym Arkadagymyz dermanlyk ösümlikler barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýänligi, dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilşini, olaryň melhemlik häsiýetlerini ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirenligi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny arzuw etdiler.