“Kitap – paýhas çeşmesi”


“Kitap – paýhas çeşmesi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynda 91-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Kitap – paýhas çeşmesi” ady bilen gezelenç gurnaldy.

Gezelençde okuwçylar kitaphanada ýerleşýän kiçi ýaşly, uly ýaşly okyjylara hyzmat ediş bölümi, okalga otagy, kitaplary saklaýyş hazynasy bölümleri, kitaphanada “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanyp gurnalan sergi bilen tanyşdylar. Şu günki gurnalan gezelençde okuwçylara kitaphananyň hünärmenleri ruhy baýlyklaryň ýygnanan ýeri bolan kitaphanamyz barada gürrüň berdiler.

Gezelenjiň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.