«Sagdyn durmuş ýörelgesi - Arkadagyň göreldesi»


«Sagdyn durmuş ýörelgesi - Arkadagyň göreldesi»



«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Bagtyýarlyk etrap Medeniýet köşgünde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda bu köşkde ýerleşýän Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasyna dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda gezelenç gurnaldy. «Sagdyn durmuş ýörelgesi - Arkadagyň göreldesi» atly gezelenjiň dowamynda bu ýere gelenler Hormatly Prezidentimiziň eserlerinden gurnalan sergi bilen tanyş boldular. Bu ýerde däp-dessurlarymyz milli gymmatlyklarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şanly Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň, türkmen tebigatynyň aýratyn gözellikleri barada gürrüň etdiler. Şeýle-de kitaphana işgärleri bu ýere gelenlere Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynda jikme-jik beýan edilýän dermanlyk ösümlikler barada gürrüň berdiler.