“Dilleriň senasy, buýsanjym Watan”atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli edebi duşuşyk


“Dilleriň senasy, buýsanjym Watan”atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli edebi duşuşyk



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz körpeje okyjylary bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Dilleriň senasy, buýsanjym Watan” atly edebi duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyza ýetilýänçä ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoly hakda we geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzda ähli ugurlarda ýetilen belent sepgitleri hem-de Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty barada täsirli gürrüňler edildi.
Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly:”Döwletimiziň hakyky Garaşsyzlyk ýoluna düşmegi örän uly wakadyr. Bu taryhy wakanyň ähmiýeti ýyllaryň geçmegi bilen barha ýokarlanýar. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen dana pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan iň arzuwly umytlary hasyl boldy”.
Duşuşygyň dowamynda ýaşajyk okyjylarymyz şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edip, goşgulary, ajaýyp aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Çäräniň dowamynda kitaphanamyzda şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli gurnalan, “Durky-dünýäsi bilen, Eziz maňa Diýarym!” atly kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.