“Täze ýylym, gadamlaryň mübärek” ady bilen Täze ýyl mynasybetli döredijilik duşuşygy


“Täze ýylym, gadamlaryň mübärek” ady bilen Täze ýyl mynasybetli döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda“Täze ýylym, gadamlaryň mübärek” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş eden kitaphana işgärleri tamamlanyp barýan“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” bolan şu ýylymyzda ýetilen ajaýyp sepgitler, ýurdumyzyň medeniýetinde we sungatynda şeýle hem ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşleri hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen hormatly Prezidentimiziň ýylyň dowamynda alyp baran beýik işleri, taryhy çykyşlary, ynsanperwer syýasaty barada söhbet etdiler.
Duşuşygyň dowamynda Mukamlar köşgüniň aýdymçylary özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.