Magtymguly Pyragy – söz ummanyň şasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde «Magtymguly Pyragy – söz ummanyň şasy» atly kitap sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär.Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.