«Aýdym-saza baglanan ömür»


«Aýdym-saza baglanan ömür»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda aprel aýynyň 27-ne Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebinde meşhur mukamçy bagşy Amangeldi Gönübek Orazaly oglunyň doglan gününiň 190 ýyllygyna bagyşlap, «Aýdym-saza baglanan ömür» hem-de teatr sungaty barada «Teatr durmuşyň aýnasy» ady bilen söhbetdeşlikleri geçirdi. Şeýle-de göçme kitap sergisini gurnady. Söhbetdeşligiň dowamynda aýdym-saz sungaty, teatr sungaty we bu sungatyň ussatlary barada täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy gaýtadan dikeldip, ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.