Behişdi bedewlerimiz türkmeniň şöhraty


Behişdi bedewlerimiz türkmeniň şöhraty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Behişdi bedewlerimiz türkmeniň şöhraty» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýik ösüşleri nazarlaýan döwrümizde ahalteke bedewlerimiziň owadanlykda, çeýelikde, arassa ganlylygy bilen dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň täze belentliklere göterilendigi, pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap derejede ösdürilýändigi, çünki bedewler milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyzdygy hakynda buýsanç bilen bellediler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.