“Ýaşlar bilen dowamatdyr, bu ýollar”


“Ýaşlar bilen dowamatdyr, bu ýollar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2–nji sungat mekdebi bilen bilelikde “Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar” atly wagyz - nesihat çäre geçirildi.

Çärede çykyş edenler 2023- nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýilip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky, geljek babatdaky aladanyň ýatandygyny, ýaşlarymyzyň bagtdan paýlarynyň ýetikdigini, çünki biziň ýurdumyzda arzuw etseň, oňa ýetmek üçin yhlasly zähmet çekseň, maksadyň hökman hasyl bolýandygyny, hormatly Prezidentimiziň :“Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýaryn” diýen ajaýyp jümlelerini mysal getirmek bilen ýaşlara uly ynam bildirýändigini, ýaşlarymyzyň saýlan hünärlerini ele alyp täzeçil pikirlenýän öz ugurlary boýunça dünýäniň oňat tejribelerinden habarly nesilleriň kemala gelýändigini buýsanç bilen bellediler.

Şeýle-de ýaşlarymyza Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okap,öwrenip, döredip we bildirilýän ynama mynasyp bolmak türkmen ýaşlarynyň baş maksady bolmalydygyny, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine öz goşantlaryny goşmak borçdugyny, mukaddes parzdygyny nygtadylar. Çäräniň dowamynda 2 nji sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň, skripkaçylar toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy eşretli, bolelin, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga döreden mümkinçilikleri üçin ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.