“Milli medeniýetim – göwün ganatym”


“Milli medeniýetim – göwün ganatym”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Baýram han” seýilgähinde Türkmen milli konserwatoriýasynyň ussat bagşylarynyň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetim – göwün ganatym” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize, sungatymyza we ruhy mirasymyza uly sarpa goýulýar. Türkmen medeniýeti hem sungaty parahatçylygyň, dost-doganlygyň aýdymyny bu günki gün dünýä ýaýýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy manyly şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan şahsyýet bolandygyny, ussat şahyryň kämil şygyrlary türkmen halkynyň diliniň senasy bolup, medeniýet hepdeliginiň türkmen halkyna mahsus guralyp, çeper döredijiligiň, sungatyň dürli görnüşleri boýunça medeni çärelere beslenmegi, ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyşlaýar diýip çärede çykyş edenler belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ussat mugallymlarynyň çykyşlary, ýerine ýetiren aýdym-sazlary duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşykda çykyş edenler milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.