“Türkmeniň ak öýi – mukaddes ojak ” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmeniň ak öýlerine bagyşlap, “Türkmeniň ak öýi – mukaddes ojak ” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda adamyň gaýtalanmajak el hünärleriniň biri, keçe we mata bezegleri bilen bezelen, keşde çekilen türkmeniň ak öýleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza tüýnük, serpik, tüýnük ýüpi, tärimler, uk baglar, düzi ýüpi, golaň, durluk, öý gapysy, öý gamşy we guşagyndan ybarat bolan ak öýüň süňňi barada, ak öýleriň gurnalşy şeýle-de ak öýleriň türkmen maşgalalarynyň durmuşynda eýeleýän arzyly orny barada gyzykly maglumatlar aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.