Parahatlyk ýoly bilen öňe barýar eziz Watan


Parahatlyk ýoly bilen öňe barýar eziz Watan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Parahatlyk ýoly bilen öňe barýar eziz Watan» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň uly dabara bilen belleniljekdigi hem-de ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, bitirilýän beýik işler geçen sanlyja ýyllarda gözel paýtagtymyzyň düýpgöter özgerdilip, Orta Aziýanyň möhüm syýasy – ykdysady merkezleriniň birine öwrülendigi şeýle-de şu ýyl Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly buýsanç we şatlyk bilen ýokary derejede baýram ediljekdigi barada, hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar ýaş nesilleri hem-de halkymyzyň abadançylygy üçin edýän aladalary hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejeleri, ösüşli menzilleri barada täsirli gürrüň etdiler. Çärä gatnaşan şahyrlar özleriniň ajaýyp goşgulary bilen çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.