“Ruhy päkligiň buýsanjy”


“Ruhy päkligiň buýsanjy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin Des-indäki kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ruhy päkligiň buýsanjy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Gurban baýramy ynsanlary birek – birege ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Dogan-gardaş dost-ýarlary bir saçagyň başyna jem edýän baýram halklaryň aňyrsynda bir umumylygyň bardygy baradaky düşünjäni ýüreklere guýýar.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli Gurban baýramynyň bellenilişi, ene-mamalarymyzdan şu günlerimize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzyň döwrebaplaşdyrylyp bu günki gün halkymyzyň arasynda ýerine ýetirilişi we olaryň nesil terbiýesine edýän täsiri barada çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Arkadagly Serdarymyzy Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.