Garaşsyzlyk ýalkym saçýar jahana


Garaşsyzlyk ýalkym saçýar jahana



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk ýalkym saçýar jahana» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny gutlap, ýurdumyzyň ösüşlerini, ägirt uly özgertmelerini, ylym-bilimde, medeniýetde ýeten belent sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebiň dutarçylar toparynyň ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň, Garaşsyzlygymyzyň waspyny ýetirýän birnäçe aýdym-sazlary çäräniň şowhunyna has-da şowhun goşdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.