“Milli medeniýetiň güllän zamany, Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy”


“Milli medeniýetiň güllän zamany, Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetiň güllän zamany,Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy” ady bilen edebi-sazly agşam geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigini, Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikleri, medeniýet we sungat işgärleri baradaky aladalaryň giň geriminiň artmagy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de türkmen halkynyň milli guwanjy hem-de buýsanjy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň özboluşlylygyny, onuň milli aýratynlyklaryny, pähim-parasada ýugrulan şahyrana dünýäsi türkmen edebiýatyny dünýä tanatmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden, şeýle-de milli medeniýetimizi açyp görkezýän birnäçe kitaplardan gurnalan sergi çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.