“Arkadagyň sahabaty – bagta ýetirdi daýhany”


“Arkadagyň sahabaty – bagta ýetirdi daýhany”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Hasyl toýy mynasybetli “Arkadagyň sahabaty – bagta ýetirdi daýhany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitleri, milli we ruhy gymmatlyklarymyzyň täze öwüşginde dabaralanyşy, türkmeniň gadymy däp–dessurlary bilen birlikde, halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesiniň gaýtadan dikeldilişi, türkmen topragynyň rysgal – berekediniň artyşy, öndürilýän ak bugdaýyň, pagtanyň we beýleki gök, miwe önümleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagy hem-de türkmen halkynyň saçaklary giňden ýazyp, şowhun bilen belläp geçýän berekediň we agzybirligiň baýramy bolan Hasyl baýramynyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurt möçberinde uludan bellenilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çärä gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.