“Müň bir öwüşginli sungat” atly söhbetdeşlik


“Müň bir öwüşginli sungat” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde türkmen nakgaşçylyk sungaty barada “Müň bir öwüşginli sungat” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Nakgaşlyk sungatynyň inçe syrlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Sungaty söýüji okyjylarymyz hem ÝUNESKO-nyň adamzadyň bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli saz guralymyz dutara bagyşlap çeken suratlaryny, ýasan heýkellerini serginiň üsti bilen görkezdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem bilesigeliji ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.