“Atym bar, hormatym bar”


“Atym bar, hormatym bar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 1-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Atym bar, hormatym bar” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen Bedewiniň baýramynyň bellenilmegi, Ahalteke bedewlerine bolan çäksiz söýginiň, hormatyň nyşanydygyny belläp, bedew türkmeniň göwünlerini galkyndyryp toý-baýramlarynyň bezegi, buşlukçysy bolup durýandygy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Bedew” atly goşgusynda:
Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen, Syrdaşym sen,myradym sen, bagtym sen, Ýüregimde ebedilik aýdym sen, Waspyň sena boldy dillere bedew!
diýen ajaýyp setirleri dillerinde sena edýän, türkmen ýigitleriniň “saňa at diýmen, gardaş diýerin” , “dost, syrdaş” diýmek bilen, olaryň täsin oýunlaryna, çykyşlaryna buýsanç duýgularyny beýan edýändikleri hem-de gamyşgulak bedewlerimiziň owadanlykda, ýyndamlykda, duýgurlykda, wepalylykda deňi-taýynyň ýokdugy, türkmen ýigitleriniň iň ýakyn dosty, syrdaşy bolandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.