Nowruz geldi ülkäme
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ülkäme» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Bu söhbetdeşligiň dowamynda okyjylar şekil ýasamakda özara bäsleşdiler. Şeýle hem, hünärmenlerimiz çagalara Nowruz baýramynyň taryhy, gelip çykyşy, bu baýrama mahsus bolan däp-dessurlar barada aýdyp berdiler. Höwesjeň çagalar hem milli bahar baýramyny wasp edýän goşgudyr aýdymlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çärämiziň soňunda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.