Gözel ülkäm - Aşgabat!


Gözel ülkäm - Aşgabat!



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman Medeniýet merkezinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli «Gözel ülkäm Aşgabat!» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Merjen şäherimiz Aşgabadyň bagtyýarlygynyň, gülläp ösüşleriniň, döredijiliginiň, döwletliligiň, aýdym-sazlaryň şäheridigi, Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli we oýlanşykly alyp barýan işleriniň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mermer paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binagärlik toplumlary, täsin suw çüwdürimleri, owadan seýilgähler, halkara derejeli şaýollary şäheriň görküni has-da artdyrýandygy barada çykyş etdiler. Duşuşykda Ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän goşgular okalyp, çärä gatnaşanlarda ýakymly täsirler galdyrdy.