Bolýar şeýle hezillik, nowruz gelse ilime!


Bolýar şeýle hezillik, nowruz gelse ilime!



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda milli bahar baýramy mynasybetli Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde «Bolýar şeýle hezilik, nowruz gelse ilime!» atly baýramçylyk çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda hünärmenlerimiz çagalara Nowruz baýramynyň taryhy, gelip çykyşy, bu baýrama mahsus bolan däp-dessurlar barada aýdyp berdiler. Höwesjeň çagalar hem milli bahar baýramyny wasp edýän goşgudur, aýdymlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda milli baýramçylyklarymyzy uludan bellemäge giň münkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.