Arkadagyň kitaplary – köňülleriň kelamy


Arkadagyň kitaplary – köňülleriň kelamy



«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan ýylymyzda B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplar biziň okyjylar köpçüligimiziň göwünlerinden turýar. Bu kitaplaryň içinde okyjylar tarapynda söýüp okalýan kitaplaryň aglabasy Hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplarydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy. Bu ajaýyp elektron kitaphananyň açylmagy bizi we biziň okyjylar köpçüligimizi diýseň begendirdi. Bu elektron kitaphana Döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň ýygyndysyna gyzyklanma bildirýän okyjylaryň bilimini artdyrmaga uly usuly gollanma bolar.
Şeýle ajaýyp kitaplaryň hatarynda Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyz, asyrlar aşyp gelýän dessurlarymyz, halkymyzyň döreden milli ýörelgeleri barada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny ýazyp tamamlamagy biz kitaphanaçylary hem-de okyjylar kopçüligini diýseň begendirdi . Bu kitabyň çapdan çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan kitaphana işgärleri öz ýürek buýsançlaryny beýan etmek maksady bilen öz kitaphanamyzda, şeýle hem mekdep kitaphanalarynda söhbetdeşlik esasynda çykyşlar we sergiler guralar.
Kitaphana işgärleri Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygyny Hormatly Arkadagymyzyň ýazýan her bir ajaýyp eserlerinden mysallar getirip beýan edýärler.
Kitaphanaçylara işlemäge, okyjylara ýokary derejede hyzmat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, ynsan saglygyny, nesil saglygyny ähli zatdan öňde tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Gülşat AMANBERDIÝEWA