Magtymgulynyň edebi mirasy


Magtymgulynyň edebi mirasy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Magtymgulynyň edebi mirasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler milli medeniýetimize nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýandygy, geçmiş mirasy öwrenmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýandygy barada söhbet etdiler.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän aladalaryň bimöçberdigi, Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasy bolsa ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olara edep-terbiýe bermekde, ylyma-bilime höwes döretmekde uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.