“Garaşsyzlyk-halkyň beýik buýsanjy”


“Garaşsyzlyk-halkyň beýik buýsanjy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 133-nji orta mekdepde mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli “Garaşsyzlyk-halkyň beýik buýsanjy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan işler, durmuşa geçirilen özgertmeler buýsançly göwnüňi has-da joşdurýar, öňe gitmäge, yhlas bilen zähmet çekmäge, Diýarymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzyň durmuş- ykdysady ösüşiniň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygy, halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygy, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýanlygy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk senesi we onuň şöhratly ýeňişleri bütin dünýä röwşen nuruny çaýýanlygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Döredijilik işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspyny öz goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.