Baş Kanunymyz – Döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir


Baş Kanunymyz – Döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Baş Kanunymyz – Döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler asuda, parahat ýurdumyzda ýaşyl tugumyzyň belentde parlaýandygyny, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň belent sepgitlere ýetendigini, ata-Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri güneşli Diýarymyzyň abraýyny gün-günden beýgeldýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de ýurdumyzyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolup durýandygy hakynda gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmekde taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.