“Daşky gurşawyň gözelligi- bagtyýar ýaşaýşyň kepili”


“Daşky gurşawyň gözelligi- bagtyýar ýaşaýşyň kepili”



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Daşky gurşawyň gözelligi-bagtyýar ýaşaýşyň kepili” atly duşuşyk çäresi geçirildi.
Duşuşyk çäresinde çykyş edenler ak şäherimiz Aşgabadyň bagy –bossana bürenip, dünýäniň jahankeşdelerini haýrana goýýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherine “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjy goldaýandygy üçin Halkara güwanamanyň gowşurylandygy barada gelip gowşan hoş habar ýurdumyzyň bagy-bossana öwrülýändiginiň Halkara ykrarnamasy diýip täsirli söhbet etdiler.
Duşuşygyň çäklerinde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Gül- gunçaly Aşgabat” ady bilen giňişleýin kitap sergisem gurnaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.