Taryhyň altyn gatlary


Taryhyň altyn gatlary

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gadymy Änew topragynda ýerleşýän Seýit Jemaleddin metjidi ýadygärlikler toplumynda «Taryhyň altyn gatlary» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen topragynda Teýmirleň zamanasynyň ajaýyp binagärlik däplerini we çeperçilik tärlerini özünde jemleýän, ady belli ýadygärlik bolan, halk arasynda «Seýit Jemaleddin» diýip atlandyrylýan Änewdäki Şyh Jemaleddiniň metjidi bolup durýar.

Bu ýadygärlik Horasanda Teýmirleriň neslinden bolan Abul Kasym Baburyň dolandyran döwründe XV asyrda gurulýar. Bu ýadygärlik özüniň daşky gözelligi we binagärlik aýratynlyklary bilen Gündogaryň musulman binagärleriniň köpüsini haýran galdyrdy. Emma, gynansak-da, orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyp binagärlik nusgasy bolan bu metjidiň binalaryna 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýertitremesi öz zyýanyny ýetiripdir. Ýöne ýertitremesi binany ýykanam bolsa, bu ýerde birnäçe taryhy ýadygärliklere baý bolan binalaryň bölekleri saklanyp galypdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew-müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda hem Seýit Jemaleddin metjidi barada gyzykly maglumatlar çeper beýan edilipdir.

Çäräniň ahyrynda taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge we ony gaýtadan dikeltmäge uly mümkinçilikler döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.