“Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller”


“Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller”



Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller” ady bilen kitap sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýandygyny we ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw usulyýet binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çärä gatnaşan döredijilik myhmanlary bolsa Garaşsyz Watanymyzy asuda, parahat, agzybir ilimizi wasp edýän ajaýyp goşgulary bilen çykyş etdiler, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini açyp görkezýän giň göwrümli gurnalan kitap sergisi bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ýürekleri buýsançdan doly bagtyýar talyp ýaşlarymyz bolsa öz çykyşlarynda bu günki-gün biz – ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegimiz üçin ähli mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýdylar.