Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, şol medeni mirasynyň genji-hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny arşa göterip, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlaryň arasynda akyldar şahyryň şygyrlary ähli döwürleriň nesilleri üçin kämilligiň, Watana, il-güne çäksiz söýgüniň nyşany bolup, hemişelik hyzmat edýändigi barada belläp geçdiler we Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň birnäçesini ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.