Çagalara bagyşlanan kitap ýarmarkasy


Çagalara bagyşlanan kitap ýarmarkasy



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň guramaklarynda “Bagtyýarlyk” dynç alyş-söwda merkezinde kitap ýarmarkasy geçirildi. Çärä çagalar kitaphanasy çagalar üçin niýetlenen dürli diller esasynda gurnalan göçme kitap sergisi şeýle-de gurjaklar esasynda gurnalan göçme sergisi bilen gatnaşdy. Çagalar ýazyjylary tarapyndan ýazylan ertekiler sergini synlamaga gelen körpeje çagalarda uly täsir galdyrdy. Çärä çagalaryň iň söýgüli ýazyjylary Agageldi Allanazarow, Azat Rahmanow dagylar hem gatnaşdylar. Ýazyjylar çagalar bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdiler we sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Mähriban Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.