“Watan goragy- mukaddes borç”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 25-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Watan goragy-mukaddes borç” ady bilen gürrrüňdeşlik
geçirildi.
Çärede ata Watana söýgi, mukaddes borç ata-babalarymyzdan miras galan belent mertebe bolup durýandygy hem-de eziz Watanymyzyň topragy, dagy, düzi,deňzidir, derýasy aýratyn mana eýe bolup başymyzyň täjine deňelýändigi şeýle-de her ýylda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, bagtyýarlygyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň eýeleridigi,Watanymyzyň parahatçylykly ýaşaýyşda barha pajarlap ösýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyndan ”Maslahat jaý ýerinde söweş bolmaz” atly bölüminden şöhratly taryhymyzdan şu günki güne çenli ýaşap geçen beýik şahsyýetler barada tasirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny ajaýyp durmuşda ýaşadýan Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.