Ýazlar gül Diýara toý bolup gelýär


Ýazlar gül Diýara toý bolup gelýär



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäheriniň Mehaniki tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ýazlar gül Diýara toý bolup gelýär» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmeniň dabaraly bellenilýän esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Nowruz baýramynyň gadymy geçmiş taryhymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy, asyrlaryň jümmüşinden geçip, Milli bahar baýramynyň bize ýaňadan dolanyp gelendigi, köp asyrlar mundan öň bolşy ýaly, halkyň gadymy iň gowy däplerini özüne siňdirip galandygy, şeýle-de bu baýramçylygyň ynsanlary bir-birine ýakynlaşdyrýandygy, adamlarda Garaşsyz baky BitarapWatanymyza bolan söýgüni goşalandyrýandygy, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge ýardam edýänligi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda mübärek Milli bahar baýramyny ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellemäge, milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!