“Bagtyýar nesiller Watan guwanjy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 23-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar nesiller Watan guwanjy” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni dünýä jemgyýetçiligini çagalary söýgi-mähir, alada bilen gurşamaga, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge çagyrýan özboluşly çagyryşdyr.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredilýändiginden ugur alyp ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň durmuşa geçirilýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen çagalaryň arasynda türkmen halk ertekileri esasynda özara sorag-jogap alyşyldy, şeýle-de çagalaryň sahna oýunlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdyldy.