“Milli Medeniýetiň güllän zamany, Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ylham” seýilgähinde “Milli Medeniýetiň güllän zamany, Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly dabaralar bilen bellenilýändigi we meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragy manyly şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan şahsyýetdigi şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň türkmen milli medeniýetimizi döwrebaplaşdyryp, dünýä derejesine çykarmak ugrunda yzygiderli alada edýänligi, milli medeniýetimiziň türkmen halkymyzyň süňňüne siňip, kalp çuňlugynda söýgä ýugrulyp, täze röwüşler bilen kämilleşip, asyrlardan-asyra, nesillerden-nesle geçip gelýän buýsanjymyza öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Döredijilik duşuşukda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryndan birnäçesi okaldy. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Soňra çärä gatnaşanlar “Ylham” seýilgähine gezelenç etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.