“Kitap – bilimleriň açary”


“Kitap – bilimleriň açary”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň iň gözel künjegi bolan Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap – bilimleriň açary” ady bilen gürrüň geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu çärede gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, şeýle-de çagalaryň uly höwes bilen okaýan ertekileri, hekaýalary, goşgulary, mundan başga-da, dürli ýazyjy şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi we şol kitaplar esasynda kitap okamaklygyň adamyň dünýägaraýşyny giňeldip, şahsyýetiň kämil bolmagy üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýanlygy, kitap okamagyň berýän oňyn netijeleriniň juda köpdügi, çuňňur mazmunly kitaplaryň, ajaýyp eserleriň ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdygy, ynsan ruhuny gandyrmakda kitabyň akyl hazynasy, söz mülküniň genji-käni, ygtybarly taryhy maglumatlaryň hem çeşmesi hasaplanýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyry Gahryman Arkadagymyza aýdylan alkyş sözleri bilen jemlenildi.