“Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar”
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji hem-de 29-njy orta mekdeplerinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar” atly edebi-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň adyl we ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler şeýle-de asudalygyň, parahatlygyň, agzybirligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýan mukaddes Tugumyz barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.