“Köňüllere ylham berýän kitaplar”


“Köňüllere ylham berýän kitaplar”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň bilelikde gurnamagynda “Köňüllere ylham berýän kitaplar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly bu ajaýyp kitaby taryhy maglumatlara, gyzykly wakalara, atalar sözlerine, nakyllardyr, aýtgylara juda baýdygy, Garaşsyzlygymyz hakyndaky çuňňur düşünjeleri özünde jemleýändigi, Garaşsyzlygyň gadyr- gymmatyna, ähmiýetine çuňňur düşünmäge çagyrýandygy barada, hem-de hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XIII jildinde gadymy gündogaryň meşhur alymlary tarapyndan şu ugra degişli ýazylan kitaplaryň özboluşly dowamydygyny, baý many – mazmunlylygy , maglumatlaryň beýan edilişi, häzirki zaman derejesindäki çap ediliş usuly bilen örän tapawutlanýandygyny aýratyn nygtadylar.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XIII jildinde lukman Liderimiziň türkmen tebigatyna, halkymyza bolan egsilmez söýgüsiniň miwesidigi, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başaran pederlerimiziň toplan tejribelerine, durmuş ýörelgelerine çuňňur hormat – sarpasynyň, ýurduň uly baýlygy hasaplanylýan il saglygy babatdaky taýsyz tagallalarynyň subutnamasydygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.