Ýaş türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň mertebe tugy


Ýaş türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň mertebe tugy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň höwesjeň gyzlary bilen türkmen milli el işleri barada «Ýaş türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň mertebe tugy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen öýüniň törüniň bezegi, zenanlaryň on barmagynyň hünäri, enelerimiziň sabyr-takat, tutanýerlilik we yhlasy bilen dokalan halylaryň gadymylygy, sünnälenip basylan keçeleriň ynsan janyna şypalylygy, milli lybaslarymyzyň bezegi bolan el keşdeleri, alajalary, bezemen el bukjalary barada täsirli gürrüňler edildi. Gyzjagazlar hem öz öwrenen el işlerini uly höwes bilen görkezdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň «Ýaş türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bölüminde beýan edilýän türkmen zenanlarynyň mertebesi, ýurdumyzyň beýik ösüşlerinde eýeleýän mynasyp orny, aýratynda ýaşajyk türkmen gyzjagazlarynyň ýerine ýetirýän el işleri, eneden gyza miras el hünärimiziň dürli görnüşleri barada buýsançly gürrüňler edildi. El işleri esasynda gurnalan sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gelýän milli sungatymyzyň dürli ugurlaryny ösdürmekde we ony nesillere wagyz-nesihat etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.