«Medeniýetiň howandary-Watan ykbaly Arkadag»
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Täze zaman medeniýet merkezinde «Medeniýetiň howandary-Watan ykbaly Arkadag» ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş eden ýazyjy-şahyrlar ýurdumyzda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä ýaýylmagy, gadymy ýadygärliklerimiziň, halkymyzyň taryhy we medeni mirasyny düýpli öwrenmeklikde, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmakda, toplamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde uly mümkinçilikleriň döredýänligi barada gürrüň berdiler we öz ýazan goşgularyny okadylar. Beýik şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.