“Watanyň geljegi – bagtyýar nesil” atly baýramçylyk dabarasy.


“Watanyň geljegi – bagtyýar nesil” atly baýramçylyk dabarasy.



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Watanyň geljegi – bagtyýar nesil” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri çagalar bilen bilelikde dürli pikirli hem-de hereketli oýunlary oýnadylar, seýilgähe gezelenç etdiler, çagajyklar dürli suratlary çekdiler, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän goşgulary aýtdylar. Göçme kitap sergimizde ýerleşdirilen birnäçe ertekileri uly gyzyklanma bilen okadylar. Şeýle-de kitaphanamyzyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar çagalara gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.