“Ussat şahyryň şygryýet dünýäsi”


“Ussat şahyryň şygryýet dünýäsi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymgyly adyndaky Döwlet baýragynyň we Türkmenistanyň Magtymgyly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp “Ussat şahyryň şygryýet dünýäsi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň şygyrlarynda hem milli watançylygyň buýsançly duýgusy çuň yzarlanýandygy, öz halkynyň gowy durmuşyna guwanyp, ýetmez ýerine bolsa gynanyp, dagy-daşy eleýip kyssa eserlerini döredendigini hem-de türkmeniň bal sözünden, paýhasly dünýäsinden döräp, ýüreklerde ýer eden söz ussadynyň eserlerini okanyňda durmuşa, adamlara, ene topraga, Ata Watana bolan söýginiň artýandygy barada gürrüň berdiler .

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny ösdürmek we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.