“Magtymgulynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy”


“Magtymgulynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde gurnamagynda “Magtymgulynyň döredijiligi - ruhy dünýämiziň hazynasy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan akyldar şahyr bolup, onuň şygyrlary döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edýändigi we şahyryň döredijiliginde her bir meseläniň çözgüdini tapmak bolýandygy barada gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun aldy, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň hem-de ýaşlaryň terbiýesinde-de beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludygy barada giňişleýin beýan etdiler we Beýik Akyldaryň birnäçe goşgularyndan okadylar.

Ähli adamzat gymmatlygynyň genji-hazynasyna ölmez-ýitmez şahyrana döredijiligi bilen uly goşant goşan Magtymguly atamyzyň şeýle derejede sarpalanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.