“Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan”


“Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan” ady bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli wagyz – nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz Watanymyzda bolup geçen we dowam edýän özgertmeler barada, türkmen halkynyň bu günki bagtyýarlygy, şan-şöhraty Garaşsyzlygyň datly miwesidir, çünki gurýan, döredýän halkyň bagtyýarlygy Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle-de döredijilikli işlemäge we bagtyýar durmuşda ýaşamaga uly mümkinçilikleriň bardygy barada buýsanç bilen bellediler. Çärä gatnaşan myhmanlar öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirleriň üsti bilen beýan etdiler.

Ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.