«Türkmenistan dünýä halklaryny ynanyşdyryjy döwlet»


«Türkmenistan dünýä halklaryny ynanyşdyryjy döwlet»



Golaýda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Türkmenistan dünýä halklaryny ynanyşdyryjy döwlet» ady bilen maslahat geçirdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gün-günden ösýän eziz Diýarymyz 2021-nji «Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy täze ýeňişlere beslemek üçin ähli ugurlarda uly joşgun, uly buýsanç bilen zähmet çekýärler.
Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinden, Aşgabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmanlary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýörite hünärmenleri giňden söhbet etdiler. Çykyş edenler öz sözleriniň soňunda Hormatly Arkadagymyza şeýle döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýtdylar, jan-saglygyny, ýurt asudalygyny arzuw etdiler. Maslahatyň dowamynda «Täze ýeňişlere täze gadamlar» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.