“Baş saglygym – altyn jygam ”


“Baş saglygym – altyn jygam ”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 29-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Baş saglygym – altyn jygam” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ,,Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň alnyp barylýandygy şeýle-de ýurdumyzyň abadan geljegi üçin kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, häzirkizaman, döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalary, şypahanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüşler gazanylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly işler alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.