“Bilim-ösüşleriň binýady”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda paýtagtymyzda ýerleşýän 53-nji orta mekdebinde “Bilim ösüşleriň binýady” ady bilen gürrüň geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Aýratyn hem milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly bilimi has-da ösdürmek, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Çärede çykyş edenler: “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzda gazanylýan üstünlikleriň we berilýän aýratyn mümkinçilikleriň ýaş nesillerimizde ylym-bilime bolan söýgüsini has-da artdyrýandygy barada, Arkadagly Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, ýokary depginli ösüşlere, ýeňişli üstünliklere ýetmäge bolan buýsanjy goşalandyrýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda uly umyt arzuwlar bilen başlanýan täze 2022-2023-nji okuw ýylynyň düşümli we rowaçly bolmagyny, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.