“Pederleriň hatyrasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Hatyra gününe bagyşlanyp “Pederleriň hatyrasy” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly däplerimize we dessurlarymyza, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek bilen 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda elhenç tebigy betbagtçylyk-ýertitireme bir pursatda paýtagtymyzy weýran edendigini, emma halkymyz ruhubelentlik hem-de özüniň belent ynsanlyk borçlaryna wepalylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri bilen, ykbalyň agyr kynçylyklaryna ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başarandygy, taryhyň agyr synaglaryndan geçen halkymyz mähriban şäherimiz Aşgabady täzeden dikeldip ony dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň geçmiş taryhyna aýratyn hormat goýýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.