“Döredijilik äleminiň ägirdi”


“Döredijilik äleminiň ägirdi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazjysy Aman Kekilowyň 110 ýyllygyna bagyşlap “Döredijilik äleminiň ägirdi” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Aman Kekilow türkmen halkyna iňňän baý edebi hem-de ylmy mirasy galdyrandygy şeýle-de onuň ýiti zehini, irginsiz zähmeti, döredijilik gözlegleri netijesinde dünýä belli gymmatly eserleri halkyň söýgüsine mynasyp bolup, onuň şygyr bilen ýazylan “Söýgi” romany, poemalary, kyssa eserleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alnyp häzirki wagta çenli ähmiýetini ýitirmän gelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ussat şahyryň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň birnäçesi okuwçylar tarapyndan labyzly ýerine ýetirildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.