Kalplary nurlandyran kitap


Kalplary nurlandyran kitap



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilelikde “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Çagalyk ýyllarym” atly gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly eseriniň ýaş nesilleri milli hem-de watançylyk ruhunde terbiýelemekdäki ähmiýeti barada “Arkadagyň kitaplary – nesillere görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň her bir bölüminde beýan edilýän halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelgeleri, mukaddes ynançlary, geçmiş taryhy barada buýsançly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.